Şu galla oragy möwsüminde ýygnalan hasyly daşamak işine Lebap welaýatynda dürli görnüşli ýük ulaglarynyň 1575-si çekiler. Hasyly öz wagtynda daşamakda bökdençlige ýol berilmez. Galla oragynda däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 315-si ulanylýar. Olaryň ählisi hem daşary ýurtlaryň kuwwatly tehnikalarydyr. Kombaýnçylaryň 633-si tehnikalary bökdençsiz işledilýär. Tehnikalaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin kombaýnlary sazlaýjylaryň 54-si, mehanikleriň 27-si, abatlaýjy ussalaryň 53-si zähmet çekýärler. Ýangyç bilen üpjün etmek üçin awtoulaglaryň 59-sy, suw bilen üpjün etmek üçin awtoulaglaryň 85-si berkidildi. Tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin ýangyç we çalgy ýaglarynyň, ätiýaçlyk şaýlaryň ýeterlik mukdardakysy üpjün edilýär. Ýangyn howpsuzlygy çäreleri görüldi.
Galla kabul ediş bölümlerinde, harmanhanalarda hasyly kabul etmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri göwnejaý amala aşyryldy. Welaýat boýunça harmanhanalaryň 35-si, elektron terezileriň 38-si, hil barlaghanalary hasyly kabul etmäge doly taýýar edildi.
Lebapda galla oragy doly tehniki şertlerde alnyp barylýar

08
Jun