Lebapda galla kabul ediş kärhanalary täze möwsüme taýýarlanylýar
Lebap welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär.
Bu barada welaýat häkimi M.Annanepesow duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna habar berdi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegini, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.