YKDYSADYÝET

Lebapda et öndürilişi boýunça ösüş durnukly dowam edýär

Maldarçylyk pudagyndaky ösüş Lebap welaýatynyň azyk üpjünçiligi ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Lebap welaýatynyň statistika müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda et öndürilişi (diri agramda) 157,3 müň tonna boldy.
Geçen ýyl bu görkeziji 153,5 müň tonna bolup, häzirki ýylda 2,5 göterim ösüş gazanyldy. Bu ýagdaý welaýatda önümçiligiň artýandygyny görkezýär.