Lebap welaýat kitaphanasynda şäher we etrap merkezi kitaphanalarynyň jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Okyjynyň ýoly» atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp okyjylara döwrebap hyzmaty ýola goýmak, bir bitewi elektron ulgama ýüklenilen okyjylar bilen işleşmegiň we ýeke-täk hasaba alnan okyjylary seljermegiň usullary barada pikir alşyldy.
Okuw maslahatynyň dowamynda kitaphanalara okyjy çekmek, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy hünärmenleriň iş-tejribesi paýlaşyldy. Şeýle-de elektron we audio kitaplara isleg bildirýän okyjylar üçin döredilen «e.kitap.gov.tm» saýtynyň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň edilip, kitaphana işini zamanabaplaşdyrmak we ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler bellenildi.
Lebapda elektron kitap işini kämilleşdirmek meýilleşdirilýär
19
Mar

