TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda durmuş üpjünçiligi meseleleri üns merkezinde

Duşende güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhahamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda gyş paslynyň dowam edýän günlerinde Lebap welaýatynda ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. Ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyna yzygiderli gözegçilik edilýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleri talabalaýyk dowam etdirmegi tabşyrdy.