YKDYSADYÝET

Lebapda dowarlardan 40 müňe golaý owlak-guzy alyndy

Lebap welaýatynyň maldarlary ene dowarlardan owlak-guzy almak boýunça meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda maldarçylyk bilen meşgullanýan çopanlar dowarlarynyň 43 müň 406-syndan 39 müň 617 sany owlak-guzy almalydylar. Welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň esasy hünärmeni Hanjar Ýarow bu möhüm işiň göwnejaý guralmagy bilen netijeleriň has ýokary bolandygyny aýdýar.
Welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň ählisi meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdi. Meýilleşdirileninden daşary owlak-guzularyň 119-sy artyk alyndy. Häzirki wagtda welaýatymyzyň maldarçylyk hojalyklary boýunça dowarlaryň sany 122 müň 726-a barabar boldy.
Gazanylan üstünlikde Saýat etrabynyň «Jeýhun», Hojambaz etrabynyň «Tallymerjen», Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalyklarynyň uly paýy bar. Maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde ene goýunlara we täze doglan owlak-guzulara göwnejaý ideg edilýär.
— Şu ýyl biziň «Jeýhun» maldarçylyk hojalygymyz tutuş welaýatymyz boýunça ilkinji bolup meýilnamasyny ýerine ýetirdi. Dowarlary gyşdan abat çykardyk. Hiç hili ýitgä ýol berilmedi. Owlak-guzy almak möwsümine guramaçylykly taýýarlyk gördük. Ak ýürekden çeken zähmetimiz bizi ýalkady. Ene dowarlardan owlak-guzularyň 7416-syny alyp, meýilnamamyzy artygy bilen ýerine ýetirdik — diýip, hojalygyň ýolbaşçysy Döwlet Çaryýew gürrüň berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: