Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen Lebap welaýatynyň dört etrabyna häkimleriň orunbasarlary bellenildi.
Resminamalara laýyklykda, Gurban Hemrakulowiç Kerimow Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary, Nurjan Sapardurdyýewiç Nurmedow Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary, Berdimyrat Babamuradowiç Öwezberdiýew Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary hem-de Zahid Ýusupowiç Hasanow Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerine bellenildi.
Täze bellenen ýolbaşçylaryň degişli etraplarda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek ugrunda netijeli zähmet çekjekdiklerine ynam bildirilýär.
Lebapda dört etraba häkimiň orunbasarlary bellenildi
26
Apr

