MEDENIÝET

Lebapda döredijilik duşuşyklary geçirilýär

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Häzirki wagtda welaýatymyzda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de welaýat häkimliginiň guramaklarynda ýazyjy-şahyrlardan, ussat aýdymçylardan, sahna ussatlaryndan ybarat toparyň oba ilatynyň arasynda döredijilik duşuşyklary üstünlikli dowam edýär. Bu toparyň Kerki etrap medeniýet merkezinde dürli kärde zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyzyň, ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Baky Bitaraplyk — parahatçylygyň binýady» atly geçiren döredijilik duşuşygy täsirliligi we çuňňur mazmuny bilen tapawutlandy. Edebi-sazly duşuşygyň dowamyndaky çykyşlarda döwletimiziň daşary syýasatynyň özenini düzýän, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuş ugurlary boýunça okgunly ösüşlerinde bitaraplyk ýörelgesiniň tutýan möhüm orny barada aýratyn nygtalyp geçildi.
Günüň ikinji ýarymynda ýazyjy-şahyrlardan, sungat işgärlerinden ybarat döredijilik toparynyň Saýat etrabynyň Berkarar zaman obasynyň döwrebap medeniýet öýünde oba ilatynyň gatnaşmagynda «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň waspy» atly edebi-sazly duşuşygy geçirildi.