MEDENIÝET

Lebapda döredijilik duşuşyklary geçirildi

Lebap welaýatynda ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda döredijilik duşuşyklary hem-de aýdym-sazly çäreler geçirildi. Çäräniň çäklerinde Türkmenabat şäherinde «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan» ady bilen döredijilik duşuşyklary guraldy. Şeýle-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy Öwlüýäguly Möwlamowyň we şahyr Almaz Seýitmyradowyň doglan günleriniň 90 ýyllygy mynasybetli ýubileý çäreleri geçirildi. Dabaralar Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde, şeýle hem welaýatyň Dänew etrabynda we Saýat etrabynyň Sakar şäherinde dowam etdi.
Çärä Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwran Agalyýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejepow, ýazyjy Akmyrat Abdullaýew, şahyr Esen Çaryýew we beýleki döredijilik işgärleri gatnaşdy. Dabaralarda Öwlüýäguly Möwlamowyň «Daň sazy», «Borç», «Ýekäniň çaňy», «Kesapat» eserleri hem-de Almaz Seýitmyradowyň «Arzuwym sensiň», «Ak sähere barýaryn» ýaly goşgular ýygyndylary barada çykyşlar edildi. Şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artistleri
Çynar Jumaýewa, Myrat Orazmuhammedow we beýleki sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-saz çykyşlary çäräniň çäklerinde görkezildi.