Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde orta mekdepleriň 11 we 12-nji synp okuwçylaryň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda öňdäki orunlary eýelän okuwçylar gatnaşdylar.
Geçirilen bäsleşigiň netijesinde Türkmenabat şäherinden, Dänew we Çärjew etraplaryndan gatnaşan mekdep okuwçylary has gowy netijeleri görkezip, öňdäki orunlaryň birnäçesini eýelediler. Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda üstünlikli çykyş eden mekdep okuwçylary bäsleşigiň mart aýynda geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşarlar.
Öňümizdäki şenbede 10-njy synp okuwçylaryň arasynda hem bäsleşigiň welaýat tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Lebapda ders bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

18
Feb