Lebap welaýatynda häzirki wagtda işjeň işleýän 432 bankomatyň 263-si
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna degişli.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, welaýatda
«Türkmenbaşy» PTB-niň 74, «Türkmenistan» DTB-niň bolsa 49 bankomaty bar.
Şeýle hem, gündogar sebitde «Halkbank» PTB 24, «Senagat» PTB 18, «Rysgal»
we «Türkmen-Türk» PTB 2 bankomat bilen hyzmat edýär.
Welaýatda nagt däl hasaplaşyklara bolan mümkinçiligiň barha giňeldilmegi
bilen bankomatlara bolan zerurlyk azalýar. Ýurduň banklary tarapyndan
hödürlenilýän «Keş-bek» hyzmaty ilaty nagt däl hasaplaşyklary has köp amala
aşyrmaga höweslendirýär.
Lebapda «Daýhanbankyň» 260-dan gowrak bankomaty bar

24
Dec