Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde ýaş zehinleriň 500-den gowragy sungatyň 24 görnüşi boýunça başlangyç hünär bilimini alýar. Olara mugallymlaryň 80-den gowragy tälim berýär.
Welaýatdaky çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde ýaş suratkeşler, heýkeltaraşlar, sazandalar hem-de aýdymçylar öz ukyplaryny ösdürýärler. Bu okuw-terbiýeçilik edaralarynda çagalaryň sungata bolan höwesini artdyrmak, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Welaýat derejesinde çagalaryň sungat we sport bilen meşgullanmagy üçin döredilen şertleriň netijesinde ýaşlaryň müňlerçesi dürli ugurlar boýunça zehinini taplaýar. Welaýatyň zehinli ýaşlary ýylyň dowamynda ders bäsleşiklerinde, halkara sport ýaryşlarynda we döredijilik çärelerinde çykyş edýärler.
Lebapda çagalaryň zehinini kämilleşdirmek üçin netijeli işler alnyp barylýar
01
Jun

