Lebapda çagalaryň tomusky dynç alyş möňwsümini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär
Öňümizdäki tomusda Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän, her tapgyrda 300 çaga niýetlenen «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine möwsümiň dowamynda üç tapgyrda 900, «Awazadaky» «Lebap» çagalar dynç alyş merkezine bäş tapgyrda jemi 500 çaga çekmeklik göz öňünde tutulypdyr.
Türkmenabat şäher häkimligine degişli «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde taýýarlyk işleriniň aýratyn guramaçylykly ýola goýlandygyny bellemek bolar. Bu sapaly mekanda çagalaryň kadaly dynç almaklary, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary, zähmet endiklerini kemala getirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.
Merkezde möwsümiň dowamynda ýaş nesilleri hünärlere ugrukdyrmak we durmuşa taýýarlamak maksady bilen, hünär hem-de aýdym-saz gurnaklary hereket eder. Çagalaryň daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrmak, ýazyjy-şahyrlar, ussat medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döwrebap kärhanalara, tebigatymyzyň gözel ýerlerine, muzeýlere, taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak işleri hem göz öňünde tutulýar.
Möwsümiň dowamynda ýaş nesiller Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalara niýetlenen sahna eserlerine tomaşa ederler, şeýle hem «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde bar bolan döwrebap sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli oýunlar boýunça ýaryşlary, bäsleşikleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär.
Bulardan başga-da çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň 14-sine çagalary ibermeklik göz öňünde tutulýar. Welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işler çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly we talaba laýyk geçiriljekdigine güwä geçýär.