MEDENIÝET

Lebapda çagalar gurnaklarynyň arasynda Nowruz dabarasy geçirildi

Lebap welaýat çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde «Nowruzym ― täze günüm» ady
bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatyň orta mekdepleriniň gurnak agzalarydyr
mugallymlary gatnaşdylar.
Okuwçylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary, tanslary, degişme sahnalary bu ýere
ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Gurnaklaryň agzalarynyň arasynda toparara bäsleşikler
hem guraldy. Okuwçylar toparlara bölünip, häzirkizaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp,
Milli bahar baýramyna degişli wideoşekilleri taýýarlamak boýunça bäsleşdiler. Baýramçylyk
çäresine gatnaşanlar «Nesillere dowamatdyr millilik» atly sergä hem tomaşa etdiler. Sergide
Milli bahar baýramyna degişli milli tagamlarymyz, fotosuratlar, mekdepden daşary bilim
edarasynda hereket edýän gurnaklaryň mugallymlarydyr okuwçylarynyň el işleri görkezildi.
Gurnak ýolbaşçylary gadymdan galan nusgalyk el işleri bolan haly, palas dokamak, keçe
basmak, ik egirmek, elbukjalaryň dürli görnüşleriniň taýýarlanylyşy barada täsirli gürrüň
berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: