BILIM

Lebapda çagalar bagy ― ata-ene gatnaşyklary kämilleşdirilýär

Türkmenabat şäherindäki 63-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) bilelikdäki meýilnamasyna laýyklykda çagalary mekdebe taýýarlamak üçin ata-enelere ýardam bermek, şeýle-de terbiýeçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen okuw maslahaty geçirildi.
Oňa welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy terbiýeçileri we usulçylary gatnaşdylar. Olar körpe nesle sowat öwretmek, olary milli ruhda terbiýelemek babatda bilim işgärleriniň we ata-eneleriň utgaşykly tagallalarynyň oňyn netijesi barada pikir alyşdylar.
Okuw maslahatynda mekdebe çenli çagalar edaralary bilen maşgalanyň bilelikdäki işini kämilleşdirmeklige aýratyn üns berildi. Maslahat beriş toparlarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.