BILIM

Lebapda çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki 45-nji çagalar bakja-bagynda
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda yglan edilen «Ejeme sowgat» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Maşgalada ene bilen çaganyň arasyndaky gatnaşygy berkitmek, türkmen halkynyň däp-dessurlaryna sarpa goýmak, çagalarda döredijilik ukyp-başarnyklaryny, tebigy zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan körpeler gatnaşdylar.
Şertlere görä, körpeler şahyrana sözler bilen özlerini, çagalar bagyny tanyşdyrmakda, tebigy serişdeleriň kömegi bilen ejelerine sowgat ýasamakda we ony wasp etmekde, şeýle-de aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. Netijede, Dänew etrabyndaky 15-nji çagalar bakja-bagynyň körpesi Melisa Serdarowa birinji, Çärjew etrabyndaky 6-njy çagalar bakja-bagynyň körpesi Roza Jumaýewa ikinji, Köýtendag etrabyndaky 6-njy çagalar bakja-bagynyň körpesi Orazgül Sapargulyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan körpelere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.