LUKMANÇYLYK

Lebapda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligine taýýarlyk görülýär

Şu günler Lebap welaýatynyň saglyk merkezlerinde we öýlerinde Bütindünýä immunizasiýa
hepdeligi mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Çäreleriň esasy maksady ilatyň arasynda öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny
ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şu ýyl Türkmenistanda immunizasiýa hepdeligi 28-nji
aprelden 4-nji maý aralygynda geçiriler. Çärelerdäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, hepdeligiň
dowamynda ähli saglyk öýlerinde öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti we zerurlygy barada
maslahat bermek üçin telefon arkaly «Gyzgyn aragatnaşyklar» ýola goýulýar. Maslahat beriş
otaglary açylyp, sanjymlaryň ähmiýeti ilata düşündirilýär.
Immunizasiýa hepdeligi «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik
ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň möhüm ugurlary ilatyň saglygyny düýpli
gowulandyrmakdan we raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakdan ybaratdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: