YKDYSADYÝET

Lebapda bugdaýa ideg möwsümi dowam edýär

Lebap welaýatynda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygymda kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan pagta hasylyny pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bular barada welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda habar berdi.

Bugdaý ekilen meýdanlarda endigan gögeriş almak üçin ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyş paslynda ýyly we dok saklamak maksady bilen, ýeterlik mukdarda ot-iým goruny taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we pagta hasylyny ýygnamagyň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, ýetişdirilen hasylyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, şaly oragynyň guramaçylykly we bökdençsiz geçirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: