YKDYSADYÝET

Lebapda bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbi tutulýar

Lebap welaýatynda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin sürüm işlerini geçirmek, tohum taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak hem-de içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, şu ýylyň güýz möwsüminde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Bu barada welaýatyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda hasabat berdi.

Şeýle-de häkim ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezident hasabaty diňläp, bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, gowaça we şaly ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutany Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: