«Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň hem-de onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygyjy kombaýnlaryň 365 sanysy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy.
Kuwwatly kombaýnlara welaýatyň tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlary iki iş çalşygynda erk ederler. Jogapkärli möwsümiň dowamynda galla ýygnaýjy kombaýnlaryň gurat we bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen ýeterlik möçberde ätiýaçlyk şaýlary taýýar edilipdir hem-de kuwwatly tehnikalara tehniki hyzmat etmeklige niýetlenen göçme ussahanalar, çalgy ýaglary, ýangyç bilen üpjün edýän awtoulaglar hereket ederler. Bu bolsa ýetişdirilen bugdaý hasylyny bellenilen möhletde zaýasyz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz tabşyrmaklyga mümkinçilik döreder. Şeýle hem ekin meýdanlaryndan ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryna daşamaklyk üçin awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň jemi 1 müň 575-si çekilipdir. Orak möwsüminde zähmet çekýän kombaýnçylaryň, sürüjileriň meýdan şertlerinde dynç almaklary üçin hem ähli şertleriň döredilendigini belläp geçmek bolar.
Lebapda bugdaý oragyna näçe kombaýnyň gatnaşjakdygy belli boldy

31
May