YKDYSADYÝET

Lebapda bugdaý oragyna girişildi

4-nji iýunda Lebap welaýatynda bugdaý oragyna badalga berildi. Zähmetkeşler bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýaşulularyň ak patasy bilen girişdiler.
Şu ýyl Lebap welaýatynda 130 müň gektar ýerden 310 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bugdaý oragynda kuwwatly tehnikalaryň ýüzlerçesinden peýdalanylýar.
Şol gün orak möwsümine Türkmenistanyň üç welaýatynda girişildi. Lebaply gallaçylardan başga-da, Ahal we Mary welaýatlarynyň zähmet ussatlary möhüm möwsüme girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa bu möwsüm 11-nji iýunda başlanar.