YKDYSADYÝET

Lebapda bugdaý meýdanlarynda we beýleki ekinlerde ideg işleri dowam edýär

Lebap welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda güýçli depginde alnyp barylýar. Bu barada döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda 16-njy martda geçirilen iş maslahatynda welaýatyň häkimi hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ähli etraplarynda bol hasyl almagyň düýbüni tutmak maksady bilen, ekinlere ideg etmek çärelerine aýratyn üns berilýär.
Şonuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda hem zerur bolan agrotehniki ideg işleri yzygiderli berjaý edilýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bu möwsümleýin işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işi doly üpjün edilýär.