Lebap welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Bu barada welaýat häkimi D.Genjiýew 4-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwy tutulýar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegiň, şeýle hem zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Lebapda bugdaý meýdanlarynda ösüş suwy tutulýar
05
May

