Lebapda bugdaý ekişine taýýarlyk görülýär
Häzirki wagtda Lebap welaýatynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. 130 müň gektar ýere tohum sepip, ak bugdaýyň bol hasylyny almaklygy maksat edinýän lebaply daýhanlar ekiş geçiriljek ýerlerde agrotehniki kadalara laýyklykda sürüm, tekizleýiş we çil çekmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.
Bu işde welaýat boýunça kuwwatly ýer sürüji traktorlaryň, tekizleýiş hem-de çil çekmek işlerine niýetlenen oba hojalyk gurallarynyň ýüzlerçesi netijeli işledilýär. Daýhanlar üçin örän jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýokary hil derejesinde geçirilmegi kadaly gögeriş gazanmak we ýerden bol hasyl almak üçin esasy şertleriň biridir. Hut şonuň üçin hem welaýatyň gallaçy daýhanlary sürüm işleriniň çuňlugyna, ýerleriň endigan tekişlenişine aýratyn üns berýärler. Bu ugurda kuwwatly tehnikalaryň, esasan-da ýurdumyz bilen uzak ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän «John Deere» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli traktorlarynyň, oba hojalyk gurallarynyň hem-de tirkegleriň güýjünden netijeli peýdalanylýar.