3-nji sentýabrda ýurdumyzda, şol sanda gadymy Lebap topragynda bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümine hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde beren ak patasy rowaçlyk çaýdy. Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde geçirilen dabaraly maslahatda oba hojalyk ulgamynyň ýolbaşçylary, Mejlis deputatlary,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ussat gallaçylar, medeniýet işgärleri we il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Şeýle giň gerimli dabaranyň geçirilmegi möwsümiň döwlet derejesinde ähmiýetiniň beýany boldy.
Geçilen maslahatda welaýat häkimliginiň öňüsyrasynda bugdaý ekişiniň öz wagtynda we agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegi boýunça möhüm meselelere seredildi. Tohumlaryň taýýarlygy, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagy, şeýle hem ata-babalarymyzyň baý
ekerançylyk tejribesi bilen häzirki zaman usullarynyň sazlaşygy maslahatda aýratyn nygtaldy. Şonuň ýaly-da, welaýatda 130 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, 310 müň tonna hasyl almak maksat edinilýändigi beýan edildi.
Lebapda bugdaý ekişine girişildi
04
Sep

