Şu günler Lebap welaýatynda bugdaý ekilen göni hatarlara ser salanyňda, daýhanlaryň aladasynyň ýetikdigine göz ýetirýärsiň. Pagta ýygymy gyzyşýar, bugdaý ekýän daýhanlaryň hem iş-aladasy ýeterlik. Olaryň häzirki çekýän zähmeti, nesip bolsa, geljek ýyl bol bugdaý hasylyny eçiler.
Şu ýylda Lebap welaýatynda 130 müň gektar ýerde bugdaýyň «Bagtyýarlyk», «Sähraýy», «Berkarar», «Alekseiç», «Bezostyý — 100», «Batko», «Kalym» ýaly ýokary hasyl berýän sortlary ekilip, 310 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Ekişde ulanylýan täze tehnikalarda bugdaý ekmek örän amatly.
Takyk hasaplanylyp çykarylan ölçeglere laýyklykda, bugdaý topraga kada laýyk taşlanylýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara dünýäniň öňdebaryjy tehnikalarynyň satyn alnyp berilmegi olarda bol hasyla almaga bolan ynamy has-da berkidýär.
Lebapda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär
11
Oct
