YKDYSADYÝET

Lebapda bugdaý ekişi döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen geçiriler

Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde dowam eden toýly maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk tehnikalarynyň kuwwatlylygy we maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilligi giňden görkezildi. Tejribe meýdanynyň gyrasynda ýokary öndürijilikli tehnikalaryň, ekijileriň we tirkegleriň hatar-hatar goýulmagy ýurdumyzda oba hojalygynyň döwrebap ösüş ýolunda ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Şeýle-de sergi çäresinde çörek önümleri, milli mirasymyzyň gymmatlyklary, gelin-gyzlaryň el işleri we taryhy muzeý gymmatlyklary giňden görkezildi.
Dabaranyň dowamynda sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary, folklor we tans toparlarynyň çykyşlary, şeýle hem türgenleriň sport görkezmeleri toýa aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýaşulularyň «bismillasy» bilen bugdaý tohumy sepilip, soňra kuwwatly tehnikalaryň ekiş işine girişmegi geljek hasylyň bereketli bolmagyna ýagşy arzuwlary özünde jemledi. Döwletli maslahatyň ahyrynda toý sadakasy berlip, daýhanlaryň zähmetiniň bereketli, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik
işleriň rowaç bolmagy dileg edildi.