YKDYSADYÝET

Lebapda bugdaý ekiljek ýerler dökünlenýär

Lebap welaýatynda bugdaý ekiljek meýdanlarda işleriň gidişiniň hünärmenler tarapyndan aýratyn gözegçilikde saklanylmagy ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün edýär. Bugdaý ekmeklige niýetlenen ekerançylyk ýerleriniň fosfor döküni bilen gurplandyrylmagy hem ak ekiniň bitginli hasylyny kemala getirmeklik üçin möhümdir.

Welaýat boýunça ýerleri gurplandyrmak maksady bilen, 26 müň 975 tonna fosfor döküni, ýagny, her gektara ortaça 207 kilogramdan gowrak dökün möwsüme taýýar edilipdir we etraplara degişli möçberde paýlanyp berlipdir. Häzirki wagtda taýýarlanylan döküniň eýýäm 50 göterimden gowragy ýörite tehnikalaryň kömegi bilen bugdaý ekiljek ýerlere berlipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: