Lebapda biraýlyga bagyşlanan wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär
Türkmenabat garnizonynyň harby awtomobil gözegçiligi tarapyndan ;Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy; atly biraýlyga bagyşlananwagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde, köçeleriň we ýollaryň degişli düzgünleri, ýörite geçelgeleriň ulanylmagy ýaly möhüm meseleler gozgalýar.
Ýaş nesle ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmegiň zerurdygy barada maglumat berilýär we ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjeleri artdyrmak üçin amaly okuwlar geçirilýär. Bu çäreler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen giň gerimde geçýär.