JEMGYÝET

Lebapda biraýlyga bagyşlanan düşündiriş çäreleri geçildi

Ýurtda yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketini sazlaýjylarwzwodynyň gözegçileri, welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligibölüminiň işgärleri bilen bilelikde harby tehnikalaryň sürüjileri tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine bagyşlanan düşündiriş çäreleri geçirildi.Çäräniň dowamynda harby tehnikalaryň kanuna laýyk ulanylyşyna gözegçilik etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ulag serişdeleriniň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek, şeýle hem awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly guramak bilen baglanyşykly talaplara üns çekildi.

     Düşündiriş işlerinde ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmakda, ýol resminamalarynyň bellenilen kadalara laýyk ýöredilmeginde harby awtomobil gözegçiliginiň şahsy düzüminiň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçildi.