Çärjew etrabynyň bilim we terbiýeçilik edaralary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» hem-de «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» atly bäsleşikleriň ýeňijileri boldular.
Ýakynda ministrligiň mejlisler zalynda ýeňijiler, şonuň ýaly-da, köp ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini häzirki zamanyň ösen talaplary esasynda ýokary derejede guramakda, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin işine ussat halypalar, göreldeli işleýän mugallymlar sylaglanyldy.
«Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» atly bäsleşikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň dördüsi baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şunda biziň etrabymyzdaky 2-nji orta mekdebiň hem birinji orna mynasyp bolandygyny habar bermek ýakymlydyr. Etrabymyzdaky 5-nji çagalar bakja-bagy bolsa ýurdumyzyň iň owadan «ýaşyl» terbiýeçilik edaralarynyň hatarynda birinji ornuň eýesi boldy.
Şeýle hem şol çäreleriň dowamynda Lebap welaýatynyň bilim işgärleriniň birnäçesi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular.
Lebapda bir mekdep we bir çagalar bagy döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

11
Dec