Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda etrapdyr şäherlerde bilim işgärleriniň gatnaşmagynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar astynda usuly okuwlar badalga aldy. Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde geçirilýän bu çäreler orta mekdepleriň müdirlerini, olaryň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlaryny, mugallymlary hem-de gurnak ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Okuwlaryň dowamynda welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleriniň, okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň ýolbaşçylarynyň hem-de tejribeli mugallymlaryň çykyşlaryna giň orun berilýär.
Okuwlarda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öňdebaryjy okatmagyň usullaryny ornaşdyrmak, ösen tehnologiýaly enjamlardan we okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymyny ýokary görkezijiler bilen jemlemek boýunça tejribe alşylar. Hünär taýdan kämilleşmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu usuly okuwlar etrap-şäherlerdäki çagalar bakja-baglarynyň müdirleriniň, mugallymlarynyň we terbiýeçileriniň işjeň gatnaşmagynda üç günläp dowam eder.
Lebapda bilim işgärleriniň ýanwar maslahatlaryna badalga berildi
06
Jan
