Lebap welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar astynda pedagogik işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň ýolbaşçylary, orta mekdepleriň hem-de çagalar bakja-baglarynyň müdirleri we olaryň orunbasarlary, mugallymlar, terbiýeçiler gatnaşdylar. Çäre her ýyl mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminde geçirilmegi däbe öwrülen maslahatlaryň biridir.
Maslahatda 2025—2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynda ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi, okuw ýylynyň ikinji ýarymyny üstünlikli jemlemek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem okatmagyň öňdebaryjy usullaryny, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini, ösen tehnologiýaly enjamlary we okuw-görkezme esbaplaryny netijeli peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi. Maslahatlaryň geçýän ýerlerinde okuw-görkezme esbaplarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we el işleriniň sergisi guraldy.
Lebapda bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
12
Jan
