BILIM

Lebapda bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

 Lebap welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde «Matematika sapaklarynda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek, ýatdan hasaplamak endiklerini ösdürmekligiň usulyýetini kämilleşdirmek» diýen mowzukda geçirilen usuly-amaly maslahat geçirildi.

 Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmakda öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly guralan maslahata Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, şäherdäki orta mekdepleriň mugallymlary, hünär tejribeligini geçýän talyp ýaşlar gatnaşdylar.

 Maslahata gatnaşyjylar günüň birinji ýarymynda mekdebiň mugallymlarynyň matematika dersinden guran göreldeli okuw sapaklaryna gatnaşdylar. Göreldeli okuw sapaklara gatnaşyjylar soňra öňde durýan derwaýys wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça özara pikir alyşdylar.

 Şol gün mekdepde takyk ugurly ders mugallymlarynyň usuly birleşmesiniň guramagynda «Omar Haýýam, Al-Faraby, Al-Horezmi, Al-Biruni, Al-Koşi ýaly ägirtlerimiziň matematikada eden işleriniň ähmiýeti» diýen mowzukda söhbetdeşlik geçirildi.