Lebapda bilim işgärleriniň hünär derejesi ýokarlandyrylar
Lebap welaýatynyň bilim işgärleri ýakynda Türkmenistanyň Milli bilim instituty tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen usuly-amaly okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu maslahat «Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olaryň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça usuly-amaly okuwlaryň guralyşy» diýlip atlandyryldy.
Okuw-usuly maslahatda geçen ýylda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hem-de Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň binýatlarynda geçirilen pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlaryň jemleri we üstümizdäki bu möhüm ugurda öňde durýan wezipeler barada täsirli çykyşlar edildi. Onuň çäklerinde welaýatymyzyň wekilleri hem çykyş edip, hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler barada aýratyn durup geçdiler.