Lebapda bejeriji tehnikalardyr gurallar abatlanylýar
Lebap welaýatynda gowaça ekijiler bilen birlikde gögeriş gazanylan ýerlerde gowaçalaryň hataraara bejergisini gerirmeklige niýetlenen oba hojalyk gurallaryny taýýarlamak işleriniň hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belläp geçmek bolar.
«Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň ygtyýarynda bar bolan 66 sany 6 hatarly «Orthman-8325» görnüşli kultiwatorlaryň we bu kärhana degişli 33 sany 8 hatarly «Orthman-8375» kysymly kultiwatorlaryň ählisi, şeýle hem KHU 4B görnüşli kultiwatorlaryň hem 900-e golaýy gözden geçirilip, möwsüme taýýarlyk ýagdaýyna getirilipdir.
Sebitde bu ugurda zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary, esasan, Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýasalýar.