TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda baýramçylyk saçaklary bezelýär

Lebap welaýatynda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şu ýylyň 5-nji dekabryndan jemi 155 ýerde ilata söwda hyzmatlary ýokary derejede guralýar. Göçme söwdanyň guralýan ýerleri ýerli häkimlikler bilen ylalaşylan sanawa laýyklykda kesgitlenildi. Bu ýerlerde 5-nji dekabrdan 3-nji ýanwara çenli her günde sagat 09.00-dan 19.00-a çenli baýramçylyk söwdasy dowam eder. Söwda kärhanalarynyň, söwda merkezleriniň, bazarlaryň ählisi baýramçylyk ruhunda bezelýär.
Bu ýerlerde gawun-garpyzlaryň gyşa saklanýan görnüşi, miweler, ir-iýmişler,
gök we bakja hem-de balyk önümleri ýeterli bolar. Kakadylan miweleriň hem
dürli görnüşi satuwa çykarylar. Satuwdaky önümleriň üsti ýene-de olaryň täze
görnüşleri bilen ýetirilip durlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: