Lebap welaýat häkimliginde Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni
mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, degişli
edara-kärhanalaryň işgärleri, şeýle-de ýörite orta okuw mekdepleriniň talyp
ýaşlary gatnaşdylar.
Häzirki wagtda welaýatda gurluşyklaryň ençemesiniň ýokary depginde dowam
edýändigini maslahatda çykyş edenler nygtadylar.
Maslahatyň dowamynda welaýatyň gurluşyk we senagat kärhanalarynyň
tapawutlanyp zähmet çekýän hünärmenlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň
adyndan dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýokary
ruhubelentlige beslenip geçen maslahatyň dowamy sungat ussatlarynyň
aýdymlary we joşgunly tanslary bilen utgaşdy.
Lebapda baýramçylyk mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

05
Nov