JEMGYÝET

Lebapda baýramçylyk maslahaty geçirildi

 Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramyna we Türkmenistanyň Agrar partiyasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk maslahaty geçirildi. 

 Oňa agrosenagat toplumynyň işgärleridir hünärmenleri, işjeň partiýa agzalarymyz we talyplar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda ýurduň agrosenagat toplumynda işleri öňe ilerletmekde durmuşa geçirilýän özgertmeler dogrusynda aýratyn nygtaldy.

 Şeýle hem ýylyň geçen döwründe welaýatyň kärhanalarynda meýilnamalary üstünlikli berjaý etmekde we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmakda ýetilen sepgitlere, ilaty zähmete höweslendirmekde alnyp barylýan işlere üns çekildi.

 Soňra öňdebaryjy partiýa agzalaryna Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: