JEMGYÝET

Lebapda baýramçylyk maslahaty geçirildi

Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Türkmen alabaý itleri — milli gymmatlygymyz hem buýsanjymyz» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler alabaý itleriniň tebigy aýratynlyklary, arassa ganly tohum itleriniň gelip çykyşy, olaryň milli gymmatlyk hökmünde halkyň durmuşyndaky orny, alabaý itlerini öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça ýurtda alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüň etdiler.