JEMGYÝET

Lebapda baýramçylyk dabarasy geçirildi

Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Oňa welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabara tejribeli lukmanlar, Türkmenabat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, dermanhana we S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň işgärleri hem-de Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Türkmanistanyň Prezidentiniň alyp barýan il-ýurt bähbitli içeri we daşary syýasatyndan we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ilata ýokary hilli bejeriş, maslahat beriş we anyklaýyş kömegini bermekde has tapawutlanýan saglygy goraýyş işgärlerini maddy we ruhy taýdan höweslendirmek maksady bilen geçirilen dabarada lukmanlaryň çykyşlary diňlenildi.

Şeýle-de çykyş edenler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen bu ulgamyň wekillerini tüýs ýürekden gutladylar. 

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşanlaryň ählisine guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: