Şu gün Lebap atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşygy geçirildi. Jemi bäş aýlawdan ybarat bolan çapyşykda üç we dört ýaşar bedewleriň arasynda ýaryşlar guraldy.
Aýlaw gününiň her bir çapyşygy toplumy dolduryp oturan mähelläniň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Her çapyşykdan soň ýeňijilere gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.
Baýramçylyk at çapyşygynyň esasy baýragy ugrunda geçirilen ýaryşda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň Keýmir atly bedewi pellehana ilkinji bolup geldi. Keýmiri seýislän hem, onuň çapyksuwary hem Maksat Tejenowdyr. Ýeňijä baş baýrak ― 50 müň manat möçberinde pul baýragy we telewizor gowşuryldy.
Toý ruhuna beslenen toplumda geçirilen baýramçylyk at çapyşygy gündogar sebitiň ýaşaýjylarynyň toý şatlygyna şatlyk goşdy.