Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň buýrugyna laýyklykda, balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyklaryň köpelýän möwsümini goramak maksady bilen balyk tutmak wagtlaýyn gadagan edildi. Gadaganlyk Amyderýa — Garagum derýa — Murgap — Tejen ulgamyndaky we ýurdumyzyň günortasyndaky beýleki suw howdanlarynda 30-njy martdan 10-njy iýuna çenli, şeýle hem Düýeboýun suw howdanynda, Darganata etrabynyň çägindäki köllerde we Amyderýanyň orta akymynda 5-nji aprelden 15-nji iýuna çenli güýje girýär.
Şu ýylyň 11-nji martynda gol çekilen buýruga laýyklykda, kadadan çykma hökmünde suw goýberiji desgalaryň aşagyndaky suwlarda gözenegi 100 millimetr bolan oturtma torlar, wenterler arkaly ösümlik iýýän balyklary hem-de ýörite gurallar bilen lakga balyklary tutmaga rugsat berilýär, şeýle-de beýleki görnüşli balyklar umumy awuň 5 göteriminden köp bolmaly däldir. Şeýle hem degişli döwürde drenaž suwlarynyň akmaýan suw howdanlarynyň ahyryndaky suw toplaýjylarda welaýat bölümleriniň teklipleri esasynda balyk tutmaga rugsat berilýär, höwesjeň we sport maksatly balykçylyk bolsa ýörite rugsat bilen, üçden köp bolmadyk çeňňek ýa-da spinning arkaly amala aşyrylýar hem-de ýerlerdäki Awçylar we balykçylar jemgyýeti habarly edilmelidir.
Lebapda balyk tutmak wagtlaýyn çäklendirildi
06
Apr

