TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda balyk tutmaga wagtlaýyn çäklendirme girizildi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky ykdysadyýeti
töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine
gözegçilik müdirligi tarapyndan şu ýylyň 10-njy martynda «Balyk hojalyk ähmiýetli suw
desgalarynda balyklaryň köpelýän döwründe balyk tutulýan möwsümini çäklendirmek
hakynda» buýruga gol çekildi.
Şol resminama laýyklykda balyklaryň köpelýän möwsüminde olary gorap saklamak we tebigy
ýagdaýda köpelmeklerini gazanmak maksady bilen Amyderýa, Garagum derýalarynyň ulgamynda we beýleki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda şu ýylyň 30-njy martyndan 25-nji maýy aralygynda, welaýatymyzyň Darganata etrabynyň çäginde ýerleşýän Düýeboýun suw howdanynda bolsa şu ýylyň 26-njy aprelinden 31-nji maýy aralygynda balyk tutmaga çäklendirme girizildi.
Balyk tutmaklyga çäklendirme girizilen döwürde ýörite kesgitlenilen balyk hojalyk ähmiýetli
suw desgalarynda höwesjeň we sport maksatly balyk tutýan fiziki şahslara 3 gaňyrçakdan
köp bolmadyk çeňňekler, zyňma çeňňekler, spinningler bilen balyk tutmaga rugsat berilýär.