Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow duşenbe güni geçirilen iş
maslahatynda döwlet Baştutanyna welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk
işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl açylyp, ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylynyň soňky
hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg
işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem Oba milli
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.
Lebapda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berildi
12
Nov

