Lebap welaýatynda ýazky bag ekişlik möwsümi mynasybetli ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Çäre Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Türkmenabat — Mary böleginiň gündogarynda guralyp, oňa welaýatyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň hatarynda ýaşulylar, dürli pudaklaryň işgärleri, talyp ýaşlar hem-de ýaş çatynjalar boldy. Dabara medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary bilen başlandy.
Çäräniň dowamynda 4 müň düýp pürli agaç nahaly oturdyldy. Umuman, welaýat boýunça 52 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda jemi 44 müň 700 düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem öňden bar bolan baglara ideg işleri geçirildi. Bag nahallary welaýat we etrap tokaý hojalygy edaralary tarapyndan üpjün edildi. Dabaranyň çäklerinde bag nahallarynyň, gülleriň we oba hojalyk gurallarynyň sergisi guralyp, sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi.
Lebapda ählihalk bag ekişlik dabarasy geçirildi
21
Mar

