TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda ählihalk bag ekişligine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 13-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek baradaky Karara gol çekmegi bilen Lebap welaýatynda taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şu ýyl welaýat boýunça 52 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda dürli görnüşli bag nahallarynyň, şol sanda tut nahallarynyň 44 müň 700 düýbini oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem öňden bar bolan baglara ideg işleri geçiriler.
Bag ekmek dabarasynda ulanyljak nahallar welaýat we etrap tokaý hojalygy edaralaryndan, daýhan birleşiklerinden hem-de edara-kärhanalardan üpjün ediler. Çäräniň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen utgaşykly geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem dabaranyň dowamynda bag nahallarynyň we gülleriň sergisi guralyp, medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary görkeziler.