MEDENIÝET

Lebapda agaçdan ýasalan çeperçilik eserleriniň simpoziumy geçirildi

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň Lebap welaýat şahamçasynda agaçdan sungat eserlerini döretmek boýunça simpozium geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinden ruhlanan döredijilik çäresine ýurdumyzyň ussat nakgaşlary we heýkeltaraşlary gatnaşdylar.
15 gün dowam eden simpoziumyň dowamynda döredijilik işgärleri üçin welaýatyň gözel künjeklerine gezelençler guraldy. Amyderýanyň ajaýyp kenary, obalaryň özboluşly keşbi, sebitiň gadymy rowaýatlara beslenen ýerleri ussatlaryň täze eserlerine ylham çeşmesi boldy.
Simpoziumyň jemleýji böleginde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň welaýat şahamçasynyň sergiler zalynda ussatlaryň taýýarlan agaçdan ýasalan çeperçilik eserleri görkezildi. Sergä gelenler döredijilik işleriniň mazmuny, ýerine ýetiriliş aýratynlyklary we milli sungatymyzyň häzirki zaman öwüşginleri bilen tanyşdylar.