Lebap welaýat adalat bölüminde geçirilen duşuşykda bölümiň işgärleri ýurtda
täze kabul edilen kanunçylyk namalary we olaryň ähmiýeti dogrusynda
düşündiriş berildi. Bu duşuşyga Türkmenabat şäherindäki bilim we saglygy
goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Şeýle hem duşuşykda raýatlar gozgalmaýan emläge bolan hukuklar dogrusynda
özlerini gyzyklandyrýan sowallary orta atdylar. Welaýat adalat bölüminiň
işgärleri tarapyndan bu sowallaryň ählisine göwnejaý jogap berildi.
Raýatlaryň kanunçylyk namalary babatynda habarlylygyny artdyrmak, olaryň
hukuklaryna we borçlaryna aýdyň düşünmegini gazanmak üçin bölüm
tarapyndan şeýle duşuşyklar ýygy-ýygydan geçirilýär. Olara raýatlar uly
gyzyklanma bilen gatnaşýarlar.
Lebapda adalat meseleleri boýunça duşuşyklar geçirilýär

12
Nov