YKDYSADYÝET

Lebapda açyljak dökün ammarlarynyň ikisini hem bir gurluşyk kärhanasy gurýar

Lebap welaýatynyň «Dökünhimiýa» müdirligi üçin Saýat etrabynyň çäginde gurulýan 12 müň tonna mineral dökün saklamaga niýetlenen ammarda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra geçdi. Ammiak selitrasy, fosfor, karbamid we kaliý ýaly mineral dökünleri saklamak üçin niýetlenen ammaryň umumy meýdany 1,648 gektara deňdir. Gurluşyk meýdançasynda ammarlar toplumy, dolandyryş-hojalyk binasy, barlag-goýberiş nokady, ýangyn howpsuzlyk binasy, transformator bekedi, demirýol we awtoulag terezisiniň bassyrmasy ýaly binalar ýerleşýär. Häzirki wagtda esasy binalarda boýag, timarlaýyş, kafel goýmak, wideogözegçilik we ýangyn howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak işleri alnyp barylýar.
Gurluşyk işleri «Gaýratly hyzmat» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilýär. Kärhananyň işçi-hünärmenleri gurluşyk meýdançasynyň içini we daşyny abadanlaşdyrmak, asfalt-beton düşemek, bag we gül nahallaryny ekmek işlerini hem alyp barýarlar. Şeýle hem Halaç etrabynyň çäginde mineral dökünleriň 10 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen ammaryň gurluşygy hem şol kärhana tarapyndan ýerine ýetirilýär. Bu gurluşyk meýdançasynda işleri sentýabr aýyna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.